Konor Makgregor dördünji gezek kaka boldy

  • 02.12.2023 15:34
  • 32k+

Garyşyk başa-baş söweşiň irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor dördünji gezek kaka boldy. Ol bu barada sosial ulgamlarda habar berdi we täze doglan çagasy hem gelni bilen ilkinji suratlary paýlaşdy.

“Ýene bir sagdyn oglanjyk dünýä indi. Di, sen meniň gahrymanym” – diýip, türgen ýazdy.

Makgregor söýgülisi Di Dewlin bilen bilelikde çagalaryny terbiýeleýär. Täze doglan oglundan başga-da, olaryň üç çagasy bar: alty ýaşly Jek, dört ýaşly Kroýa we iki ýaşly Rian.
Makgregor bilen Di Dewlin 2008-nji ýylda klubda tanyşdylar. Söweşijiniň aýtmagyna görä, Dewlin oňa gowy bolup göründi we olar derrew dil tapyşdylar. Di žurnalistlere ilkinji nobatda Makgregoryň käriniň, şeýle-de güldürip bilmek başarnygynyň haýran galdyrandygyny gürrüň berdi. Ýöne bu jübütiň gatnaşyklary hemişe ýönekeý bolmandy: bir wagtlar söweşijiniň işi ýokdy we olar işsizlik boýunça kömek puluna ýaşadylar. Soňrak Konor söhbetdeşlikde indi başdan geçirilen kynçylyklaryň öwezini dolup, aýaly üçin hiç zatdan boýun gaçyrmaýandygyny aýtdy.
2020-nji ýylda Makgregor çagalarynyň ejesine durmuşa çykmagy teklip etdi, Dewlin muňa razy boldy. Şeýle-de bolsa, olar heniz toý etmediler.


18.06.2026 22:41
8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......