NASCAR ýaryşy üçin täze Toyota Camry XSE hödürlendi

  • 30.11.2023 20:31
  • 8.3k+

Toyota-nyň Amerikadaky bölümi 2024-nji ýyldaky möwsümiň NASCAR Cup ýaryş seriýasyna taýýarlanan Camry XSE trek bolidini hödürledi. Öňki Camry TRD Next Gen-iň ornuny tutjak awtoulagyň daşky görnüşi, ýol Camry-siniň täze nesline meňzeýär. Ýaryş çykyşy fewral aýynda meýilleşdiriler, munda sedanlaryň sekizisi Los-Anjelesdäki Coliseum ýoluna çykar.

Toyota täze awtoulagyň iň bolmanda soňky iki möwsümde 18 ýeňiş gazanan Camry ýaryş awtoulagy ýaly üstünlikli boljakdygyna garaşýar.
Täze önüm TRD ýaryş bölüminiň we Amerikanyň Toyota Calty Design dizaýn studiýasynyň gatnaşmagynda işlenip düzüldi, olaryň wezipesi awtoulagyň daşky görnüşini seriýaly  sedana iň ýokary derejede uýgunlaşdyrmakdy. Şonuň üçin täze önüm şuňa meňzeş aerodinamiki elementleri aldy - mysal üçin, öňdäki bamperdäki howa kanallary we tanalýan optika.
Toyota hiç hili tehniki jikme-jikligi aýtmaýar, ýogsa-da, suratda görüp bilersiňiz, meselem, salon hiç hili bezegsiz we howpsuzlyk karkasy bar. Bu ýaryş seriýasy üçin awtoulaglar 700 at güýjünden gowrak öndürmäge ukyply standart 5.87 litrlik V8 bilen enjamlaşdyrylandyr, ýöne takyk bir ýola baglylykda çäklendiriji ulanylyp, olaryň güýji zor bilen çäklendirilip bilner. Motor bäş tizlikli yzygiderli dişli guty bilen birleşdirildi.


düýn 21:15
2.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......