Türkmenistan Kuraş boýunça dünýä çempionatynda jemi 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy

  • 28.11.2023 23:14
  • 21k+

Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji gününde türkmen türgenleri 3 altyn, 3 kümüş, 1 bürünç medal gazandylar. Şeýlelikde, Türkmenistan dünýä çempionatyny 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal bilen tamamlady.

28-nji noýabrda geçirilen ýaryşlarda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň birinji ýyl talyby Döwlet Hemrakulyýew 66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýarymfinalda eýranly türgen Majid Wahid Barimanloudan asgyn geldi we bürünç medal bilen çäklendi.
Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Jahan Muhammedowa ýarymfinalda özbegistanly Pokizahon Kamoldinowadan asgyn geldi we kümüş medala mynasyp boldy.
Erkekleriň arasynda 73 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň tälimçisi Şatlyk Jumanyýazow finalda gazagystanly Abilkair Mauleninden asgyn geldi we kümüş medal gazandy.
Zenanlaryň arasynda 87 kilogramdan ýokary agram derejesinde türkmenistanly Sabina Agajanowa dominikanly 39 ýaşly türgen Audreý Arelis Puello Perezden asgyn geldi we ýurdumyzyň 6-njy kümüş medalyny gazandy.
Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sabina Kadyrowa 16 ýaşynda dünýä çempiony bolup, sportuň kuraş görnüşiniň taryhyna girdi. Ilkinji halkara ýaryşynda Şirin Kubaýewanyň ezber şägirdi 78 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyň finalynda özbegistanly Filura Ergaşowany ýeňdi.
60 kilograma çenli agram derejesinde TGM-niň Lebap welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri baradaky bölüminiň adatdan daşary ýagdaýlary hasaba almak, seljermek, çaklamak we raýat goranyş çärelerini meýilleşdirmek bölümçesiniň müdiriniň kömekçisi Wepa Awlýakulyýew finalda gazagystanly Ýernur Suleimeni ýeňip, ýurdumyzyň 4-nji altyn medalyny gazanyp berdi.
Kerkili bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow 81 kilograma çenli agram derejesinde finalda gazagystanly Bekadil Şaimerdenowy ýeňip, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.


22.06.2026 17:52
4.6k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....