Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

  • 28.11.2023 22:48
  • 2.8k+

28-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça utgaşdyryjy düzüm hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuny güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutany ministr bilen söhbetdeşliginiň barşynda iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegine ünsi çekip, ministr bilen däp bolan hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşygyň barşynda medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.


11.05.2026 22:55
885

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......