Türkmen küştçüsi Läle Şöhradowa dünýä çempionatynda sekizinji boldy

  • 28.11.2023 22:10
  • 11k+

Türkmen küştçüsi, FIDE ussady Läle Şöhradowa Italiýanyň Montesilwano şäherinde geçirilen 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ilkinji onluga goşuldy. Mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk gazanyp, Läle 8-nji orny eýeledi we Elo reýtingini 180 punkt ýokarlandyrmagy başardy. Bu barada Orient habar berýär.

18 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky kategoriýa 86 türgen gatnaşdy, altyn medala bolsa Azerbaýjandan türgen, FIDE ussady Aýýan Allahwerdiýewa eýe boldy.
Biziň türgenlerimiziň arasynda ikinji gowy netijäni Läläniň dogany, FIDE ussady adyna dalaşgär Leýla Şöhradowa görkezdi. Leýla 7 utuk bilen 12-nji orny eýeledi. Ol Elo reýtingini 165 punkt ýokarlandyrdy.
14 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky kategoriýada çykyş eden üçünji türgenimiz Mähri Agamyradowa 125 gatnaşyjynyň arasynda 17-nji orny eýeläp, oňyn netijäni görkezdi. Mähri 7 utuk gazanyp, Elo reýtingini 130 punkt ýokarlandyrdy.
Türgenlerimiziň üçüsi-de dünýäniň iň güýçli küştçüleriniň ilkinji ýigrimiligine girdi we bu Türkmenistanda gyzlaryň arasynda küşt sportunyň kämilleşýändigini görkezýär.
Oglanlaryň arasynda 18 ýaşa çenli kategoriýada çykyş eden Amanmuhammet Hommadow hem üstünlikli netije görkezdi, ol 6 utuk gazanyp, Elo reýtingini 120 punkt ýokarlandyrdy.
Indi Amanmuhammet bilen Läle 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Günbatar Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görýär.
Dünýä çempionatyna 92 ýurtdan 766 türgen gatnaşdy.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....