2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç — Türkmenistanyň Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň birinji gününde gazanan netijeleri

  • 28.11.2023 07:56
  • 20k+

27-nji noýabrda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň maksatnamasy esasynda ýaryşlar badalga aldy.

Ýaryşyň birinji gününiň jemleri boýunça türkmen türgenleri 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Ýurdumyzyň toparyna ilkinji altyn medaly Dinara Rozykulowa (63 kilograma çenli agram derejesinde) getirdi. Ol çärýek finalda hindistanly Snehal Rameş Kawareden, ýarym finalda eýranly Tahera Azarpeýwanddan, finalda bolsa Hytaý Taýpeýinden gelen Wan Tin Liden üstün çykdy. Ýaryşda Wan Tin Li kümüş medala, eýranly Tahera Azarpeýwand we Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagy astynda çykyş eden russiýaly Wladlena Gusewa bürünç medala mynasyp boldular.


Türkmenistanyň ýygyndy toparynda ikinji altyn medaly Mariýa Lohowa (70 kilograma çenli) gazandy. Dört ýyl mundan ozal bu türgen Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen ýaryşda Aziýanyň çempiony boldy. Ine, bu gezek hem ol ýarym çärýek finalda hindistanly Sina Sinadan, ýarym finalda wýetnamly Li Hýun Tuon Widen, finalda bolsa eýranly Donýa Agaýdan üstün çykyp, dünýä çempiony boldy. Bu agram derejesinde eýranly türgen kümüş medala, Li Hýun Tuon Wi (Wýetnam) kümüş medala we Azhar Salykowa (Gazagystan) bürünç medala mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň toparynda kümüş medallara 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň wise-çempiony we 2019-njy ýylyň dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Aýşirin Haýdarowa, 2019-njy ýylyň dünýä çempiony we Huançžouda (Hytaý) geçen XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi Aýnur Amanowa hem-de Sanjar Abdyrahmanow mynasyp boldy. Aýşirin Haýdarowa kümüş medaly 48 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agram derejesinde özbegistanly Ulbusin Hakimowa ýeňiji bolsa, indoneziýaly Sawira Dia Fitri Rizkianti we türkiýeli Begumnaz Dogruýol bürünç medala mynasyp boldular.
Aýnur Amanowa ikinji orna 52 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Bu agram derejesinde özbegistanly Hilola Ortikboýewa dünýä çempiony boldy. Bürünç medallara bolsa Nada Aşraf (Müsür) we Ýu-Suan Çuan (Hytaý Taýpeýi) mynasyp boldular. Sanjar Abdyrahmanow kümüş medala 90 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Bu agram derejesinde altyn medaly Erkin Kozokow (Özbegistan), bürünç medallary bolsa Masud Gawibazu (Eýran) we Žamalbek Asylbek Uulu (Gyrgyz Respublikasy) gazandylar.
Türkmenistanyň toparynda bürünç medallara Gülşat Annaýewa, Ruslan Esgerow we Sapa Sapaýew mynasyp boldular. Gülşat Annaýewa bürünç medaly 57 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agram derejesinde bürünç medala Rauza Nurmahammetowa-da (Gazagystan) mynasyp boldy. Ýaryşda kümüş medala Pardis Eýdiwandi, altyn medala bolsa Nguen Thi Biç Ngok (Wýetnam) mynasyp boldular. Ruslan Esgerow 100 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle hem bu agram derejesinde bürünç medala Firdawsu Nasimow (Täjigistan), kümüş medala Hamed Raşidi (Eýran), altyn medala bolsa Jamşid Mamatrahimow (Özbegistan) mynasyp boldular. 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde birinji orny Muhsin Hisomiddinow (Özbegistan), ikinji orny Abdulfazl Torabi (Eýran), üçünji orny bolsa Sapa Sapaýew (Türkmenistan) we Hurşed Majidow (Täjigistan) eýelediler.
28-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynda erkekleriň arasynda dört we zenanlaryň arasynda üç medal toplumy ugrunda tutluşyklar geçiriler.


22.06.2026 17:52
4.6k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....