«Çelsiniň» öňki derwezebany Petr Çeh Britaniýanyň Saýlama hokkeý ligasynda ilkinji oýnuna çykdy

  • 27.11.2023 19:21
  • 11k+

«Çelsiniň» we Çehiýanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Petr Çeh Britaniýanyň Saýlama hokkeý ligasynda (EIHL) «Belfast Jaýants» toparynyň düzüminde ilkinji oýnuna çykdy. Ol eýýäm indiki oýunda toparyň başlangyç düzüminde meýdança çykyp biler.

Çeh 25-nji noýabrda «Glazgo Klen» bilen duşuşygyň ahyrynda buz meýdançasyna çykdy, ol bary-ýogy bäş minut oýnady we bir urgyny saklady. Ol şikes alan derwezeban Taýler Beskorowanynyň ornuna çykdy. Çehiň buzda peýda bolmagyny tomaşaçylar gyzgyn el çarpyşmalary bilen goldadylar.
«Belfast» derwezebanlar Endrýu Dikson we Jekson Wistliň şikesleri sebäpli 15-nji noýabrda aşaky diwiziondaky «Oksford Siti Starz» toparynda çykyş edýän 41 ýaşly Çehi düzümine goşdy. Beskorowanynyň şikesi agyr bolsa, Çeh şu ýekşenbe güni «Nottingem Panters» bilen geçiriljek duşuşykda başlangyç düzümde oýna çykmaly bolar.
Çeh dört gezek Angliýanyň çempiony boldy, Çempionlar ligasynda we Ýewropa ligasynda ýeňiji boldy. Ol Çehiýanyň milli ýygyndysynda 124 oýunda çykyş etdi. Çeh 2019-njy ýylda futbolçy hökmünde karýerasyny tamamlandan soň, «Çelside» işledi we britan hokkeýiniň aşaky diwizionlarynda oýnady. Petr Çeh Angliýanyň futbol we hokkeý boýunça ýokary diwizionlarynda oýnan ilkinji türgen boldy.
«Belfast» EIHL-iň häzirki çempiony.


düýn 20:28
10k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.5k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.2k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....