Aşgabatda agyr atletikaçy ýetginjek türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi

  • 27.11.2023 07:39
  • 11k+

25-nji noýabrda Olimpiýa şäherçesiniň ýeňil atletika toplumynda ýurdumyzyň agyr atletika boýunça ýetginjekleriň dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş eden we baýrak alan türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şol ýaryşa Türkmenistandan alty türgen gatnaşdy diýip, Halkara habar beriş merkezi ýazýar.

Maksikanyň Gwadalahara şäherinde geçirilen Ýetginjekleriň agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda jemi 44 ýurtdan 229 ştangaçy ýigrimi agram kategoriýada medal almak ugrunda bäsleşdi (hersinden 10 oglan we gyz).
Geçen ýaryşda Gaýgysyz Töräýew, Anamjan Rüstamowa we Şahzadbek Mätýakubow öz agram kategoriýalarynda üstünlikli çykyş edip, baýrak aldylar. Anamjan Rustamowa 81 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşdi we siltäp almakda 104 kg agramy göterip bildi. Bu netije bilen ol ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň täze rekordçysy bolmagy başardy.
Baýrak alan türgenlere Hormat hatlary we gymmatly baýraklar gowşuryldy. Gwadalahara şäherinde agyr atletika boýunça dünýä çempionaty 15-23-nji noýabr aralygynda geçirildi.


03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......