Iki sany türkmen teleýaýlymy Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bäsleşiklerini göni ýaýlymda berer

  • 25.11.2023 23:34
  • 11k+

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bäsleşikleri «Türkmenistan Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkeziler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara bolsa, ýaryşlary «Türkmen Älem 52E» emeli hemrasy arkaly dünýä ýaýmaga mümkinçilik dörediler. Bu barada 25-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhasynyň mejlisler zalynda «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» ady bilen geçirilen halkara mediaforumynda bellenildi.

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda geçirilen media forum Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylaryny, ýurdumyzyň we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.
Onuň barşynda dünýä birinjiligini geçirmäge degişli düzümleriň taýýarlygy, şeýle hem şu ýylyň möhüm ýaryşyna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň taýýarlyk derejesi barada žurnalistlere maglumatlar berildi.
Şeýle hem mediaforumda Aşgabatda geçirilýän çempionat heniz başlamanka, onuň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredendigi bellenildi. Bu ýaryşa bagyşlanyp, «Мир24», «TRT Avaz», «CCTV» we «EURONEWS» teleýaýlymlarynda ýörite gepleşikler we wideorolikler ýaýlyma berildi, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň «Asiavision» habarlar toparynyň, Halkara habarlar merkeziniň ýaýlyma beriş kompaniýalarynda beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty barada makalalar Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) we Sport metbugatynyň Aziýa birleşiginiň (ASPU) neşirlerinde çap edildi. Olarda Aşgabatda iri sport çäresine taýýarlygyň ýokary derejesi nygtalýar.


22.06.2026 17:52
4.6k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....