Tim Kuk Apple-iň ýolbaşçylygyndan gitmek hakynda pikirlenýändigini aýtdy

  • 25.11.2023 14:29
  • 13k+

«Apple» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kuk söhbetdeşlikleriniň birinde wezipeden gitmek barada pikirlenýändigini aýtdy.

«Biz özgerişlige ynanýan kompaniýa. Şonuň üçin biziň bu babatda anyk meýilnamalarymyz bar»  diýip, telekeçi gürrüň berdi. Kuk mümkin bolan oruntutarlarynyň adyny aýtmakdan saklandy, ýöne bu iş üçin birnäçe işgär taýýarlaýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Tim Kuk IT-ägirdiniň indiki ýolbaşçysynyň kompaniýanyň ýöriteleşen ugry bilen gowy tanyş adam bolmalydygyny aýtdy. Telekeçi oruntutarynyň korporasiýada ýolbaşçy wezipede işleýändigini çaklamaga esas berdi. «Meniň wezipäm – direktorlar geňeşiniň ýolbaşçylyk etjek kimdir birini saýlamagyna göz ýetirmek» diýip, Kuk belledi.
Ol söhbetdeşligiň dowamynda kompaniýanyň özgerişlige taýyn bolmalydygyny aýtdy. Şeýle hem ol özünden «2050-nji ýylda bu korporasiýada işlärsiňizmi?» diýlip soralanda, durmuşyny diňe «Apple» bilen baglanyşdyrýandygyny, şonuň üçinem onda «ýene birnäçe wagt» galjakdygyny nygtady.
Tim Kuk «Apple» kompaniýasynda 1998-nji ýyldan bäri işleýär we 2011-nji ýylyň 24-nji awgustyndan bäri kompaniýa ýolbaşçylyk edýär. Kuk «Apple-iň» esaslandyryjysy Stiw Jobsyň oruntutary boldy.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....