Türkmen wekili Gidrologiýa maksatnamasy boýunça geňeşiň çäklerinde çykyş etdi

  • 24.11.2023 23:42
  • 1.8k+

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi we şol bir wagtyň özünde ýurduň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew Parižde geçirilen Gidrologiýa maksatnamasy boýunça Hökümetara geňeşiniň 6-njy nobatdan daşary sessiýasynda çykyş etdi. Bu barada Orient habar berdi.

Sessiýanyň çäklerinde Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň býurosynyň, şeýle-de onuň maliýe komitetiniň hem-de aragatnaşyk we maglumat-ündew işi boýunça komitetiniň ýolbaşçylarynyň saýlawlary üstünlikli geçirildi. Rezolýusiýalaryň redaksion komitetiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çaryýew öz çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyldan başlap 21-nji marty Bütindünýä buzluklar güni diýip yglan edýän rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň möhümdigini aýtdy. Bu çözgüt buzluklary gorap saklamak boýunça çäreleriň ähmiýetini görkezýär diýip, ilçi belledi.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 2021 – 2025-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň agzasydyr.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......