Türkmenistanda şahsy pensiýalary bellemegiň we tölemegiň düzgünleri neşir edildi

  • 22.11.2023 15:38
  • 43k+

Türkmenistanyň Adalat ministrligi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemegiň hem-de olaryň möçberlerini gaýtadan hasaplamagyň tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Buýrugyny döwlet belligine aldy. Ol Hukuk maglumatlar merkeziniň saýtynda çap edildi.

Üýtgetmelere laýyklykda, Türkmenistanda şahsy pensiýalary bellemegiň we tölemegiň düzgünleri beýan edilýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda şahsy pensiýa köp ýyllaryň dowamynda yhlasly, halal zähmet çekip, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanmagyna, jemgyýetiň we ykdysadyýetiň ösmegine, ýurdumyzyň goranmak ukybynyň berkidilmegine, howpsuzlygyň, jemgyýetçilik we hukuk tertibiniň, kanunçylygyň üpjün edilmegine aýratyn goşant goşan, Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada ýa-da (we) Türkmenistanyň birnäçe beýleki döwlet sylaglaryna mynasyp bolan, Türkmenistanyň 62 ýaşy dolan erkek raýatlaryna, 57 ýaşy dolan zenan raýatlaryna (mundan beýläk – raýat) bellenilýär.
Şahsy pensiýa Ýörite toparyň çözgüdi bilen bellenilýär.
Ýörite toparyň düzümi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.
Şahsy pensiýanyň bir aýlyk möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilýän binýatlyk ululygyň 20 (ýigrimi) essesi möçberinde bellenilýär.
Bu barada giňişleýin şu salgydan okap bilersiňiz.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......