Türkmenistan Hytaýa turba geçirijiler arkaly gaz ibermekde liderligi saklaýar

  • 21.11.2023 10:33
  • 20k+

2023-nji ýylyň geçen 10 aýynda turba geçirijiler arkaly Türkmenistandan Hytaýa 8,07 milliard dollarlyk tebigy gaz eksport edildi. Şeýlelikde, Türkmenistan turba geçirijiler arkaly Hytaýa tebigy gaz ibermekde birinji ýerini saklap galdy diýip, ORIENT habar berýär.

Bu görkeziji babatda ikinji orunda barýan Russiýa geçen 10 aýda 5,36 milliard dollarlyk tebigy gazy Hytaýa iberdi we geçen ýylyň degişli görkezijisinden 73 göterim ösüş gazandy. Geçen döwürde Mýanma 1,23 milliard, Gazagystan 1,08 milliard, Özbegistan 454,44 million dollarlyk tebigy gazy Hytaýa eksport etdiler. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük gullugy habar berýär.
Mälim edilişine görä, geçen 10 aýda Hytaý daşary döwletlerden 96,51 million tonna tebigy gazy import etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 8,8 göterim köpdür.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...