Gaýgysyz Töräýew agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda kümüş medala eýe boldy

  • 20.11.2023 21:52
  • 13k+

Türkmen türgeni Gaýgysyz Töräýew Meksikada geçirilýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda iki görnüşiň jemi boýunça 335 kg netije bilen kümüş medala eýe boldy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär.

Töräýew silterläp götermekde 151 kg agramly ştangany kellesinden ýokarda saklap, kiçi kümüş medala, itekläp götermekde 184 kg netije bilen kiçi kümüş medala eýe boldy.
81 kg çenli agram derejede gazagystanly türgen Ýedige Ýemberdi ýeňiş gazandy. Ol Töräýewden iki görnüşiň jemi boýunça bary-ýogy 1 kg öňe geçdi (336 kg; 145 + 191). Baýrakçylaryň üçlügini Gruziýadan Saba Asanidze jemledi – (333; 149 + 184).
Bu ýaryşda Türkmenistana 6 türgen wekilçilik edýär. Mundan öň erkekleriň arasynda 67 kg çenli agram derejede Perhat Bagtyýarow (9-njy orun), zenanlaryň arasynda 64 kg çenli agram derejede Gülälek Kakamyradowa (18-nji orun) çykyş etdi.
Meksikanyň Gwadalahara şäherinde agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionaty 23-nji noýabrda tamamlanar. Ýaryşyň galan günlerinde türkmen ýygyndysynyň düzüminde Anamjan Rustamowa (81 kg çenli), Resul Rejepow (89 kg çenli) we Şahzadbek Mätýakubow (96 kg çenli) çykyş eder. 


03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......