Türkmenistanyň dzýudoçylary Aziýa çempionatynda kümüş we bürünç medallary gazandylar

  • 20.11.2023 21:50
  • 6.8k+

Türkmenistandan dzýudoçylar Daşkentde geçirilen kadetleriň arasynda Aziýa çempionatynda iki medal gazandylar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär.

18 dzýudoçy (10 erkek we 8 zenan) tarapyndan görkezilen toparymyzda kümüş medala Nuriýa Pardaýewa mynasyp boldy. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 10-njy synpynyň okuwçysy bu üstünligi 40 kg çenli agram derejesinde gazandy.  
Bu 15 ýaşly Nuriýa Pardaýewanyň halkara ýaryşlarynda ilkinji üstünligidir. Ol Lebap welaýatynda tälimçi Jora Matnazarowyň ýolbaşçylygynda dzýudo bilen meşgullanyp başlady. Ol 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga dalaşgärleriň biri bolan, Hançžoudaky (Hytaý) XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç baýrakçysy Maýsa Pardaýewanyň kiçi uýasydyr.
Türkmenistanyň toparyna ikinji medaly Behruz Bahridinow getirdi, ol 50 kg çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy. Bu baýrak ugrunda 8 ýurtdan 9 dzýudoçy göreşdi.
Paýtagtyň “Olimp” sport mekdebiniň 11-nji synpynyň okuwçysy 17 ýaşly Behruz Bahridinow halkara ýaryşlarynda ikinji gezek münbere çykýar. Ol şu ýylyň awgust aýynda Belarus Respublikasynda geçirilen GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynda hem bürünç medala mynasyp bolupdy.  
Häzirki wagtda Behruz Türkmenistanyň Dzýudo federasiýasynyň tälimçisi Guwanç Nurmuhammedowdan tälim alýar.
Belläp geçsek, Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda 15 ýurtdan 181 türgen (103 erkek we 78 zenan) 16 baýrak toplumy ugrunda göreşdi. 


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....