Aşgabatda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi

  • 19.11.2023 15:19
  • 2.7k+

18-nji noýabrda Aşgabatda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirilip, ol iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bagyşlandy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen işewür toparlarynyň nobatdaky duşuşygy Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatda geçirilýän «Iran Prože» ýöriteleşdirilen sergisine gabatlanyldy.

Duşuşygyň gün tertibinde iki ýurduň uly söwda-ykdysady mümkinçiligi bilen baglylykda, hususan-da, senagat, nebitgaz pudaklarynda, gurluşykda we gurluşyk serişdelerini öndürmekde, energetikada, söwdada, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda Türkmenistanyň hem-de Eýranyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eýran tarapynyň wekiliýetiniň düzüminde döwlet edaralarynyň, telekeçiligi goldamak boýunça guramalarynyň, şeýle hem dürli pudaklarda, şol sanda ýokary tehnologiýalar ulgamynda özleriniň işläp taýýarlamalary bilen meşhur bolan Eýranyň birnäçe iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri bar.
Türkmen tarapyna esasy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçilikler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň hem-de beýleki hususy kompaniýalaryň 80-den gowragy wekilçilik etdiler.
Forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşygy ministri Mehrdad Bazrpaş Eýranyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ymtylýandygyny nygtady. Munuň şeýle bolmagyna bilelikde yzygiderli geçirilýän ykdysady forumlar we sergiler, dürli derejelerde wekiliýetleriň alşylmagy ýardam edýär.
Işewürler maslahatynyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de özara bähbitleri, ýol gurluşygy, şäheri abadanlaşdyrmak, nebitgaz we himiýa pudaklarynda bilelikde işlemegiň geljegi uly taslamalaryny göz öňünde tutup, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri baradaky tanyşdyrmalar geçirildi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda, söwda-ykdysady ulgam, oba hojalygy we beýleki pudaklar görkezildi.
Eýran tarapyndan «Saba Energy», «Saden Gorgan International Transport RT.Co», «Azar Passilo», «Tapico» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary teklipleri bilen çykyş etdiler.
Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň çykyşlarynda häzirki wagt Türkmenistanyň daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüneçekiji, depginli ösýän ykdysadyýeti bolan döwletdigi bellenildi. Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry häzirki zaman ulag we senagat düzümlerini, innowasion ugurly gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmegi nazarda tutýan ýurdy senagatlaşdyrmak ýörelgesinden ybaratdyr. Şu maksat bilen, täze kärhanalary gurmaga hem-de häzir hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemäge ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär.
Garalan meseleleriň hatarynda kiçi we orta işewürligiň derejesinde hem işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, bu hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň depginli ösüşini nazarda tutanyňda geljegi uly görünýär.
Forumyň çäklerinde iki goňşy ýurduň dürli pudaklaýyn edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy we degişli resminamalara gol çekildi.


şu gün 15:21
75

Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi bilen 2026-njy ýyl üçin ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleri maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar...

şu gün 15:18
195

Raşid Meredow Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar...

şu gün 10:20
1.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleri maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy...

düýn 18:07
2.1k+

Raşid Meredow Kaha Imnadze bilen öňüni alyş diplomatiýasy boýunça hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy...