Toyota ABŞ-da akkumulýator önümçiliginde gaýtadan işlenilmeli materiallary ulanar

  • 18.11.2023 22:14
  • 19k+

Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasynyň Demirgazyk Amerikadaky bölümçesi we Redwood Materials Inc. amerikan kompaniýasy 2022-nji ýylda Toyota-nyň gibrid we doly elektrikleşdirilen awtomobilleriniň akkumulýatorlaryny gaýtadan işlemek barada gazanylan şertnamany giňeltdi. Bu barada bölümçäniň metbugat relizine salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Täze şertnamanyň parametrleri aýan edilmeýär. Diňe Redwood-yň Toyota kompaniýasyny Demirgazyk Karolinadaky zawodynda täze akkumulýatorlaryň önümçiliginde ulanyljak anodlar üçin gaýtadan işlenen katod-işjeň materiallar we mis folga bilen üpjün etjekdigi belli.
Toyota bu zawody 2025-nji ýylda işe girizmegi meýilleşdirýär. Taslama maýa goýumlar, takmynan, 14 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.
Ýapon kompaniýasy 2035-nji ýyla çenli global amallarynyň, 2050-nji ýyla çenli awtomobilleriniň uglerod bitaraplygyny üpjün etmegi maksat edinýär. 


düýn 21:15
2.5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......