Serdar Berdimuhamedow Döwlet gullugy akademiýasynyň işini kämilleşdirmek hakynda karara gol çekdi

  • 17.11.2023 22:36
  • 22k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky  Döwlet gullugy akademiýasynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Karara gol çekdi. Degişli kararyň taslamasyny wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisiniň barşynda hödürledi.

Wise-premýer döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Bu Karar Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynda professor-mugallymlar, diňleýjiler hem-de talyplar üçin döredilen döwrebap şertlere laýyklykda, okuw we edara ediş işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, degişli ministrlikleriň teklipleri göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.
Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu möhüm resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.


düýn 22:09
708

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
550

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
4k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
656

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......