Aşgabatda Hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

  • 17.11.2023 22:08
  • 3.3k+

2023-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Aşgabatda uly Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Foruma taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer B.Atdaýew Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, mejlise, esasan, nebitgaz pudagynda, dokma senagatynda, oba hojalyk we azyk önümçiliginde, gurluşykda we gurluşyk harytlarynda, derman senagatynda, şeýle hem ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda we beýleki ugurlarda işleýän kompaniýalar gatnaşar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde azerbaýjan kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Forumyň jemleri boýunça degişli resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.


şu gün 00:49
631

Türkmenistanyň wekiliýeti Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugrarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

düýn 09:38
1.2k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...

düýn 09:35
859

Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşyk geçirdi...

12.03.2026 20:33
1.3k+

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi...