Türkmenistanyň Prezidentine Çagalar we ýetginjekler köşgüniň merkeziniň şekil taslamasy görkezildi

  • 17.11.2023 21:58
  • 18k+

Wise-premýer B.Annamämmedow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna täze Çagalar we ýetginjekler köşgüniň merkeziniň şekil taslamasyny hödürledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Taslamada çagalar üçin sport we oýun meýdançalary, medeni çäreleri geçirmek üçin ýörite meýdançalar, amfiteatr, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin meýdança we beýleki desgalar, şol sanda tehniki we hojalyk desgalary göz öňünde tutulýar.
Bellenilişi ýaly, ýaşlarymyzyň wagtlaryny gyzykly hem döredijilikli geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şu maksat bilen, paýtagtymyzda guruljak «Güneşli» Çagalar we ýetginjekler merkezi hem bagtyýar ýaşlarymyzyň ukyp-başarnygyny baýlaşdyrmakda, zehinlerini kämilleşdirmekde nusgalyk merkeze öwrülmelidir.
Döwlet Baştutany bu taslamany durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere döwrebap merkezi gurmak boýunça halkara bäsleşiginiň netijeli geçmegini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......