Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatyna rekord derejede adam gatnaşar

  • 17.11.2023 15:20
  • 18k+

2023-nji ýylyň 23 – 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek kuraş göreşi boýunça 14-nji dünýä çempionatynda gatnaşyjylaryň sanynyň rekord derejeli bolmagyna garaşylýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” belleýär.

Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň habar berşi ýaly, Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen geçen ýylky dünýä çempionatyna 365 adam gatnaşan bolsa, öňümizdäki dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin 53 ýurtdan eýýäm 480 adam, şol sanda türgenler (241), tälimçiler, eminler we beýleki resmi şahslar ýüz tutdy. Bu görkezijiler entek gutarnykly däl, olar dünýä çempionatyna uly gyzyklanma bildirilýändigi sebäpli üýtgäp biler diýip, Türkmenistanyň Kuraş federasiýasy belledi.
Türkmenistan uly göwrümli ýaryşlary ilkinji gezek kabul edenok. 2017-nji ýylda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty we “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi geçirildi.
Şu ýylyň iýun aýynda türkmen paýtagty ikinji gezek 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn birinjiligini geçirmek üçin ýer hökmünde saýlandy we oňa Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Türkmenistandan türgenler gatnaşdy.
Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda Karara gol çekip, Guramaçylyk komitetini döretdi we onuň düzümini tassyklady.
Dünýä çempionatynda 15 medal toplumy ugrunda göreşiler – ýedi erkekleriň we sekiz zenanlaryň agram kategoriýalarynda.
Ýatlap geçek, geçen ýyl kuraş boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana 13 türgen (7 erkek we 6 zenan) wekilçilik etdi, olardan üçüsi Watanymyza medal bilen gaýdyp geldi.


22.06.2026 17:52
4.6k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....