Frensis Ngannu WBC-niň reýtinginiň ilkinji onlugyna resmi taýdan goşuldy

  • 17.11.2023 14:51
  • 13k+

WBC-niň Dolandyryjylar geňeşi garyşyk başa-baş söweşiň meşhur söweşijisi Frensis Ngannuny agyr agramly söweşijileriň reýtinginiň ilkinji onlugyna goşdy. Bu barada championat.com habar berýär.

“Frensis Ngannu super agyr agramda WBC-niň çempionyna garşy söweşde gowy çykyş etdi we WBC-niň Dolandyryjylar geňeşi ony super agyr agramda 10-njy belgä degişli etmek kararyna geldi” – diýlip, guramanyň beýanynda aýdylýar.

Ýatlap geçsek, Frensis soňky söweşinde super agyr agramda WBC-niň dünýä çempiony Taýson Fýuri bilen duşuşdy. Söweş 28-nji oktýabrda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirildi. Tutluşyk 10 raund dowam etdi we emin agzalarynyň tapawutly karary bilen Taýsonyň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy (95-94, 95-94, 93-96). Şeýle-de bolsa, käbir hünärmenler Frensisi ýeňiji hasapladylar.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......