Aşgabatda Eýranyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi açyldy

  • 17.11.2023 14:10
  • 6.6k+

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady.

Ýöriteleşdirilen sergä Eýran Yslam Respublikasyndan 100 töweregi kompaniýasy gatnaşýar. Elli töweregi pawilion gurluşyk we önümçilik, tehniki we inžinerçilik hyzmatlary, suw dolandyryşy, energiýa, nebit-gaz, nebithimiýa, bilim we söwda pudagynda işleýän kompaniýalaryň önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýär.

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda türkmen-eýran işewürlik forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreleriň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň agzalary we eýranly telekeçiler geljekde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin birnäçe resminama gol çeker diýlip garaşylýar.
«Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi şu gün we ertir 18:00-a çenli hereket eder, 19-njy noýabrda — 15:00-a çenli işlär.


şu gün 09:46
363

Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lankanyň döwlet Baştutanyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. TDH-nyň habar...

düýn 19:40
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Rumyniýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

3-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ion Nawal bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerine seretdi...

düýn 05:55
7.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynda oba hojalyk meseleleri we gurluşyklary ara alyp maslahatlaşdy

2-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde...

02.02.2026 16:33
2.1k+

TDHÇMB-da bir hepdede 5,893 mln dollarlyk geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt alyjylary bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy diýip, TDH habar berýär...