Türkmen talyby karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda bürünç medal aldy

  • 17.11.2023 14:02
  • 11k+

Türkmenistanly türgen Baýry Baýryýew Almatyda (Gazagystan) geçirilen karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 22 ýaşly 5-nji ýyl talyby 67 kilograma çenli agramda şeýle üstünlik gazandy.

Yklym ýaryşyna Germaniýa, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Kuweýt, Gyrgyzystan, Russiýa, Türkmenistan, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly 10 ýurtdan 140 töweregi türgen gatnaşdy.
Belläp geçsek, şu ýylyň sentýabr aýynda Baýry Baýryýew Bütindünýä şotokan karate federasiýasynyň (WSKF) howandarlygynda Daşkentde geçirilen şotokan karate boýunça dünýä çempionatynda Open absolýut agram derejesinde ikinji orny eýeledi. Oktýabr aýynda Hançžouda (Hytaý) geçirilen Aziýa oýunlarynda karatede (WKF) türkmen sportunyň taryhynda ilkinji medal gazandy.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....