Türkmenistanyň MOK-nyň Baş sekretary AOG-niň Utgaşdyryjy geňeşine girdi

  • 17.11.2023 08:06
  • 5.1k+

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Baş sekretary Ata Akmämmedow 2025-nji ýylda Daşkentde geçiriljek Aziýa Ýetginjekler oýunlaryny geçirmek boýunça Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Utgaşdyryjy komitetiniň düzümine girdi. Bu barada Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Raja Randhir Singh Türkmenistanyň MOK-yna gelen hatda habar berdi.

37 ýaşly Ata Akmämmedow 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkmenistanyň MOK-nyň Baş sekretary wezipesini ýerine ýetirýär.
Ondan başga-da, Aziýa Ýetginjekler oýunlary – 2025-i geçirmek boýunça AOG-niň Utgaşdyryjy komitetine ýene ýedi adam, şol sanda AOG-niň wise-prezidenti Timoti Fok, Nepalyň MOK-nyň prezidenti Jiwan Ram Şresta, Täjigistanyň MOK-nyň Baş sekretary Muhmadşo Abdulloýew, Bangladeşiň MOK-nyň Baş sekretary Şahid Reza, BAE-niň Baş sekretary Faris Mohammed Al Mutawa, Pakistanyň MOK-nyň Baş sekretary Halid Al Mahmud girdi.
Aziýa Ýetginjekler oýunlary her dört ýyldan bir gezek geçirilýän Aziýa oýunlaryndan soň ikinji uly multisport çäresidir. Oýunlar Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň howandarlygynda geçirilýär.
Ilkinji Aziýa Ýetginjekler oýunlary 2009-njy ýylda Singapurda, ikinjisi 2013-nji ýylda Hytaýyň Nankin şäherinde geçirildi. Ondan soňky Oýunlar 2017-nji ýylda Jakartada geçirilmelidi, ýöne olar ýatyryldy. Soňra üçünji Aziýa Ýetginjekler oýunlaryny 2021-nji ýylda Şantouda (Hytaý) geçirmek kararyna gelindi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli olar hem geçirilmedi. Indi 2025-nji ýylda Aziýanyň iň gowy ýaş türgenleri Özbegistanyň paýtagtynda geçiriljek nobatdaky kontinental Oýunlara ýygnanarlar.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....