Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi

  • 16.11.2023 23:10
  • 7k+

16-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini we häzirki wagtda dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen aýtdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar partiýalaryň we parlamentleriň arasynda hem gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygyny, iki ýurduň syýasy partiýalarynyň wekilleriniň özara saparlarynyň yzygiderli  guralýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Türkmenistan  we Hytaý özara bähbitleri göz öňünde tutmak bilen, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Köp ýyllaryň dowamynda Hytaý ýurdumyzyň iň uly daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar.
Energetika babatdaky hyzmatdaşlyk özara bähbitli gatnaşyklaryň oňyn mysalyna öwrüldi.
Ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlary dostlukly türkmen hem-de hytaý halklaryny ýakynlaşdyrýan gurala öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini öwrenýän ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy, ýurdumyzyň talyplarynyň köpüsiniň bolsa Hytaýda okaýandygy bellenildi.
Umumy pikire görä, golaýda Hytaý dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň we Türkmenistanyň aýry-aýry ýokary okuw mekdepleriniň – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda hytaý dili mugallymlary bilen üpjün etmek barada hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge täze itergi berer.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl Hytaýda iki gezek saparda boldy,  ýaňy-ýakynda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Pekin şäherine iş saparyny amala aşyrdy.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......