Aşgabatda halkara festiwalyň jemleýji gününde «Magtymguly — köňül guşy» sahnasy görkezildi

  • 16.11.2023 16:25
  • 3.1k+

Şu gün, 16-njy noýabrda ýurdumyzda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň jemleýji gününde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda «Magtymguly — köňül guşy» atly sahna eseriniň görkezilişi boldy.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan esebi esasynda, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Eziz Işangulyýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan eser taryhy, psihologik drama, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan eserdir. XVIII asyrda türkmenleriň sosial — syýasy, ykdysady durmuşynda bolup geçen käbir taryhy wakalaryň we şol döwürde ýaşan şahyryň döredijiliginde naturalizmden, didaktizmden, mistisizmden, romantizmden tä realizme çenli bolup geçen ösüş we özgeriş yzarlanyp, wakalar biri-birine sepleşip gidýär.
Eserdäki wakalar dag etegindäki türkmen obasynda Nowruzyň gelmegi bilen ýaýbaňlanyp, şahyryň atasy Döwletmämmet Azadynyň ölümi bilen baglanyşykly gynançly wakalara sepleşip, kem-kemden çuňlaşýar, dartgynlaşýar. Halkyň sosial — syýasy durmuşyndaky nogsanlyklar açylýar.
Eser şahyryň içki oýlanmalary, pikirleri bilen ýöreýär. Ol ruhy ahwalata — Kutp-Pirleriň, Nagyşbendiniň, Azadynyň, Meňliniň, Şeýtanyň ruhy ahwalda duşuşýar we bu tär eseriň ynandyryjylygyny artdyrýar.
Eserde beýik Pyragynyň döredijiliginde bolup geçýän şunuň ýaly örän çylşyrymly özgerişligiň bolup geçiş pursatlarynyň görkezilýändigine garamazdan, awtora dürli çeperçilik tärlerini ulanmak bilen eseriň tomaşaçy üçin düşnükli we gyzykly bolmagyny gazanmak başardypdyr. Eseriň dili çeper, esasy gahrymanlaryň häsiýetleri işlenipdir, türkmen halkynyň däp-dessurlary görkezilipdir diýip, Medeniýet ministrliginiň saýty habar berýär.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.9k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......