Gazagystanda sanly tenge dolanyşyga girizildi

  • 16.11.2023 13:50
  • 7.4k+

Gazagystanda sanly tenge resmi taýdan dolanyşyga girizildi. Dabara milli pul birliginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan Gazagystanyň maliýeçileriniň XI Kongresiniň çäklerinde geçirildi. Sanly tenge arkaly ilkinji tranzaksiýa Milli töleg korporasiýasynyň başlygy Binur Žalenow tarapyndan amala aşyryldy, ol özüne kofe satyn aldy diýip, ixbt.com habar berýär.

Žalenowyň aýtmagyna görä, onuň töleg üçin ulanan karty merkezi bankyň sanly walýuta hasabyna baglanan dünýäde ilkinji debet töleg kartydyr. Kart Ýewraziýa banky tarapyndan Mastercard platformasynda çykaryldy, sanly tenge hasabyndaky serişdeler bada-bat adaty tengelere konwertasiýa edilýär we dünýäniň islendik ýerinde kart bilen tölemek üçin elýeterlidir.
Sanly tengäni girizmek boýunça synag taslamasy 2021-nji ýylda başlandy, häzir milli pul birliginiň üçünji formasy bölekleýin satuw dolanyşygyna girizildi, elektron pul birliginiň giň gerimli çykarylyşy 2024-nji ýyla meýilleşdirilýär. Žalenow oflaýn töleglere aýratyn üns beriljekdigini, 2025-nji ýylda bolsa bazara gatnaşyjylaryň hemmesiniň birikdilmegine garaşylýandygyny belledi.


06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

23.04.2026 10:49
4.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......