Türkmenistanyň muzeýlerinde Hywa hanlygynyň hazynasynyň bir bölegi saklanýar

  • 16.11.2023 13:07
  • 5.8k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda XIX asyryň ahyrlaryna we XX asyryň başlaryna degişli bolan özbek şaý-sepleriniň toplumy saklanýar. Bu toplum 67 şaý-sepden ybaratdyr. Olaryň görnüşi we keşbi boýunça Merkezi Aziýanyň esasy senetçilik merkezleriniň biri bolan Horezmde ýasalandygy bellidir. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň müdiri Meretgeldi Çaryýew Samarkantda geçirilen «Özbegistanyň medeni mirasy — täze Galkynyş binýady» halkara kongresinde «Horezmiň şaý-sepleri» temasyndan eden çykyşynda habar berdi. Muny «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, Hywa hanlygynyň hazynasyndan 1928-nji ýylda Özbegistanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda paýlandy.
Zenanlaryň şaý-sepleriniň esasy – bu bäşburç şekilindäki kümüş bolup, onuň daşky tarapy ownuk firuza daşlary bilen bezelipdir, gapdalyndan we aşagyndan merjenden romb şekilli şelpeler sallanýar. Erkekleriň bezeg önümlerinden gyzyl çaýylan kümüşden ýasalan iki sany guşak asgyçlary bar.
Hünärmenler bu önümleriň taýýarlanyş tehnologiýasynyň Merkezi Aziýanyň beýleki sebitleri bilen meňzeşdigini belleýärler.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....