Türkmenistanyň ilçisi Gazagystanyň Prezidentiniň Teleradiotoplumynyň Baş direktory bilen duşuşdy

  • 16.11.2023 09:24
  • 6.8k+

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow, goňşy döwletiň maglumat syýasatynyň esasy utgaşdyryjysy - Respublikanyň Prezidentiniň Telewideniýe we radio toplumynyň Baş direktory Rauşan Žanabergenowa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy habar berdi.

Taraplar hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mazmunyny alyş-çalyş etmek, bilelikde öndürmek we milli we halkara derejesinde ýaýratmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegine gyzyklanma bildirdiler. Hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň ähmiýeti hem nygtaldy.
Mundan başga-da, türkmen diplomaty Rauşan Žanabergenowa bilen türkmen-gazak gatnaşyklarynyň umumy ýagdaýy barada pikir alyşdy. Taraplaryň nygtaýşy ýaly iki ýurduň arasynda diňe bir syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlarda däl, eýsem medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy hem ep-esli işjeňleşýär.
Gazagystanyň Prezidentiniň Telewideniýe we radio toplumy özüne "Jibek Joly" teleýaýlymyny we onuň "Jibek Joly Cinema" düzüm birligini, "Kazinform" habarlar agentligini hem-de Dokumental kino merkezine özüne birleşdirýär.


11.05.2026 22:55
915

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......