Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň Aşgabatda çykyş etjek köýnekçeleri belli boldy

  • 15.11.2023 14:42
  • 20k+

15-nji noýabrda «Arçabil» myhmanhanasynyň Mejlisler zalynda Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň ertirki oýunda meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, ýurdumyzyň milli ýygydysy ýer eýesi hökmünde ak, Özbegistanyň ýygyndy topary bolsa gök köýnekçede çykyş eder. 
Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 16-njy noýabrda “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 19:00-da başlanar. 
Bu duşuşykda 41 ýaşly Hiroýuki Kimuranyň ýolbaşçylygyndaky ýaponiýaly eminler topary eminlik eder. Kömekçi eminleriň wezipelerini Kota Watanabe bilen Takumi Takagi ýerine ýetirerler. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini Hiroki Kasahara bolar.


düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......

24.05.2026 15:47
4.7k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....