17-nji noýabrda Aşgabatda «Iran Project» atly Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi açylar

  • 15.11.2023 13:31
  • 20k+

2023-nji 17-19-njy noýabry aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda «Iran Project» atly Eýran Yslam Respublikasynyň 15-nji ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. Bu barada Eýranyň ilçihanasy habar berdi.

Sergä Eýranyň öňdebaryjy 100-e golaý kärhanasy, ýagny gurluşyk pudagyna degişli (gurluşyk materiallary, daş, sement, keramika, plitkalar, kranlar we saglygy goraýyş enjamlary, elektrik enjamlary, kabeller, rozetkalar we jaýlary yşyklandyryş enjamlary) we tehniki – inženerçilik hyzmatlary hödürleýän kärhanalar (nebit, gaz, nebithimiýa, elektrik, oba hojalygy, lukmançylyk we ş.m.) gatnaşar.
Sergi 17-nji noýabrda öz işine başlar. Şeýle-de, 18-nji noýabrda Eýranyň we Türkmenistanyň kärhanalarynyň arasynda tejribe we  pikir alyşmak maksady bilen ykdysady hyzmatdaşlyk mejlisi geçiriler.
Sergä telekeçiler we türkmen kärhanalaryň wekilleri, şeýle hem isleg bildirýän raýatlaryň ählisi gatnaşyp biler.


06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......