Nike käbir oýun futbolkalarynda logotipini üýtgeder

  • 15.11.2023 11:11
  • 5.5k+

Amerikanyň Nike sport kompaniýasy käbir oýun futbolkalarynda logotipini üýtgeder diýip, Footy Headlines habar berýär.

Futbol eşiklerindäki logotipi üýtgetmek Nike üçin kompaniýanyň taryhynda iň uly öwrülişik bolar. Nike nyşanyny biraz kiçeltmek, başga reňke geçirmek, nyşany sagat diliniň  ugruna 90 gradus öwürmek isleýär. Öwrülen wersiýa 2024/2025 möwsümiň üçünji toplum eşiklerinde bolar.
Mysal hökmünde Nike Phantom butsy-aýakgaplary görkezilýär.
Nike kompaniýasy “Barselona”, “Arsenal”, “Mançester Ýunaýted”, “Tottenhem”, “Inter”, “Liwerpul”, “PSŽ”, “Çelsi”, “Atletiko” Madrid we beýleki klublar üçin geýim hemaýatkäri hasaplanýar. Şeýle hem Braziliýanyň, Portugaliýanyň, Nigeriýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň milli ýygyndy toparlary bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edýär.


22.08.2025 19:07
15k+

Nike Braziliýadan sekiz ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Nike Braziliýadan “Flamengo” klubunyň çagalar toparynda çykyş edýän sekiz ýaşly futbolçy Natansinýo bilen şertnama baglaşdy. Bu barada O Globo neşiri habar berýär. Geçen möwsümde Natansinýo 8 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Rio-de-Žaneýronyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy...

17.08.2025 23:29
4.3k+

Nike-yň esaslandyryjysy Fil Naýt rak bilen göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi

Amerikaly işewür, Nike brendiniň egindeş esaslandyryjysy Fil Naýt aýaly Penni bilen bilelikde rak keseline garşy göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi. Bu barada The Wall Street Journal habar berdi. Serişdeler Oregonyň Saglygy goraýyş we ylym uniwersitetine gönükdirildi...

11.03.2025 15:49
4.3k+

“Liwerpul” indi Nike-dan däl-de, adidas-dan geýner

“Liwerpul” öz resmi saýtynda adidas sport brendi bilen uzak möhletleýin şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi. Mersisaýdlylar ozal hem bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edipdi diýip, klubuň metbugat gullugy habar...

18.01.2025 12:15
4.4k+

“PSŽ” Jordan brendinden täze “ganatly” eşik toplumyny görkezdi

“Pari Sen-Žermen” futbol kluby Nike kompaniýasyna degişli bolan Jordan amerikan brendinden täze eşik toplumyny görkezdi. Bu klubuň 2024/2025 möwsümi üçin dördünji eşik toplumydyr. Bu gezek dizaýnerler Jordan brendiniň...