Serdar Berdimuhamedow Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze binasynyň guruljak ýerini kesgitledi

  • 15.11.2023 08:01
  • 20k+

14-nji noýabrda wise-premýer B.Annamämmedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa dikuçarda Aşgabatda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşlygynyň çäklerinde häzirki döwürde hereket edýän Çagalar we ýetginjekler köşgüniň bina ediljek täze merkeziň gurluşygynyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi. Ol «Güneşli» ady bilen bina ediler.

Serdar Berdimuhamedow täze toplumyň gurluşygyna örän jogapkärli çemeleşmelidigini belläp, onuň bina ediljek ýerini kesgitledi we degişli halkara bäsleşigi yglan etmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu merkez Aşgabadyň gözel ýerleriniň birinde, tämiz howaly ajaýyp künjeginde, arassa ekologik gurşawyň jümmüşinde gurlar we çagalaryň durmuşyna şatlyk bagyşlar.
Täze merkezde dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, döwlet Baştutany merkeziň taslamalary taýýarlananda we onuň gurluşygynda häzirki zaman talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň nurana geljegini gurujylar bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimli-terbiýeli, zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmeklerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, desganyň gurluşygynda döwrüň ösen tejribeleriniň we ylmyň gazananlarynyň netijeli ulanylmagyna wajyp ähmiýet berilmelidir. Binalaryň talabalaýyk ýagdaýda enjamlaşdyrylmagy möhüm wezipe bolup durýar diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......