ABŞ daşary ýurtly talyplar üçin iň meşhur merkeze öwrüldi

  • 14.11.2023 12:48
  • 10k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlary COVID-19 pandemiýasy başlany bäri daşary ýurtly talyplaryň arasynda ýene-de iň meşhur bilim alyş merkezine öwrüldi. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň goldamagyndaky Halkara Bilim Instituty (Institute of International Education, IIE) tarapyndan her ýyl geçirilýän gözlegleriň netijesinde alnan san maglumatlary muny subut edýär.

Institutyň berýän maglumatlaryna görä, 2022-2023-nji okuw ýylynda ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde 1 milliondan gowrak daşary ýurtly talyp hasaba alyndy, bu 2022-nji ýyldakydan 11,5% köpdür. Deňeşdirmek üçin, 2020-2021-nji okuw ýylynda, pandemiýanyň iň ýokary derejesinde wagty, beýleki ýurtlardan 914 müň talyp ABŞ-nyň uniwersitetlerinde okady. Gözlegiň netijesine görä, daşary ýurtly talyplar ABŞ-nyň ykdysadyýetine şu okuw ýylynda 38 milliard dollar goşant goşdy.
Iň köp sanly daşary ýurtly talyby Kaliforniýa (138,3 müň), Nýu-Ýork (126,7 müň), Tehas (80,7 müň), Massaçusets (79,7 müň) we Illinoýs (55,3 müň) ştatlary kabul etdi. Okuw ugurlarynyň arasynda daşary ýurtly talyplar, köplenç, matematikany we kompýuter okuwlaryny (240,2 müň okuwçy), inženerçilik ylymlaryny (202,8 müň) hem-de işewürlik we dolandyryşy (157,2 müň) saýlaýarlar.
ABŞ-da okaýan daşary ýurtlularyň arasynda Hytaýyň (289,5 müň) we Hindistanyň (268,9 müň) raýatlary agdyklyk edýär, olar ABŞ-daky ähli daşary ýurtly talyplaryň 53%-ini emele getirýär. Şeýle hem ilkinji bäşlige Günorta Koreýa (43,8 müň), Kanada (27,8 müň) we Wýetnam (21,9 müň) girýär.


10.01.2026 19:10
3.5k+

ABŞ-nyň ilçihanasy mugallymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy boýunça bäsleşik yglan etdi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026–2027-nji okuw ýyly üçin Fulbraýt maksatnamasynyň «Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek» atly ugry boýunça açyk bäsleşigi yglan etdi. Bu maksatnama mugallymlara öz hünär başarnyklaryny ösdürmäge hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär...

02.01.2026 16:51
17k+

Türkmenistanly okuwçylara ABŞ-da okamaga mümkinçilik berýän «FLEX» synaglarynyň wagty we ýeri belli boldy

2026-2027-nji okuw ýyly üçin ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2025-2026-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi belli boldy. Bu barada Halkara bilim boýunça amerikan geňeşleri habar berdi...

30.10.2025 10:24
3.5k+

Coursera Türkmenistanyň Bilim ministrligine bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak boýunça çözgütlerini hödürledi

27-nji oktýabrda Waşington şäherinde Coursera kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda kompaniýa bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ekosistemany hödürledi hem-de hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny görkezdi...

30.10.2025 09:57
2.1k+

ABŞ-da Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kraça institutynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Waşington şäherinde Bütindünýä bankynyň hem-de Perdýu uniwersitetiniň ýanyndaky Kraç Tehnologik Diplomatiýa institutynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirdi...