Türkmenistanyň wekiliýeti Korrupsiýa garşy Halkara akademiýanyň (IACA) 12-nji mejlisine gatnaşdy

  • 14.11.2023 08:06
  • 13k+
Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Korrupsiýa garşy Halkara akademiýa (IACA) gatnaşyjy taraplaryň Assambleýasynyň 12-nji mejlisine gatnaşdy.

Bu köptaraplaýyn maslahata dünýäniň ýurtlarynyň we hyzmatdaş halkara guramalaryň dürli derejedäki wekilleri gatnaşdylar we onuň dowamynda IACA-nyň işi, korrupsiýanyň öňüni almak we bu babatda halkara kadalaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler hem-de öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Akademiýanyň 2024-nji ýyl üçin býujeti tassyklanyldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti öz çykyşynda parahat durmuşa, abadançylykly ösüşe päsgel berýän howplara garşy göreşmekde dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen bilelikde işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmaga türkmen tarapynyň aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Korrupsiýanyň durnukly ösüşe wehim salýan päsgelçilikleriň biri bolup durýandygy we bu ýaramaz nogsany düýbinden aradan aýyrmak boýunça bütin dünýäde ýurt we halkara derejesindäki tejribelere we özara hyzmatdaşlyga wajyp orun berilýändigi nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, bu babatda Türkmenistan birnäçe köptaraplaýyn resminamalara, şol sanda, BMG-niň Korrupsiýa garşy konwensiýasyna gatnaşyjy döwlet bolup durýar. Korrupsiýanyň öňüni almak, ony ýok etmek we agzalan Konwensiýanyň kadalarynyň durmuşa geçirilişini üpjün etmek boýunça döwlet derejesinde netijeli tejribeler gazanylandygy aýdyldy. Olaryň arasynda Korrupsiýa garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilendigini, Türkmenistandaky korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamanyň hem-de ony ýerine ýetirmegiň 2020-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň tassyklaýandygyny bellemek bolýar. 
IACA gatnaşyjy taraplaryň Assambleýasynyň 12-nji mejlisiniň çäklerinde türkmen wekiliýeti  Korrupsiýa garşy Halkara akademiýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistanyň Akademiýanyň täze agzasy hökmünde IACA bilen gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri barada özara pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......