Messi “Inter Maýaminiň” iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

  • 13.11.2023 16:30
  • 9.9k+

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi 2022/23-möwsüminiň jemi boýunça “Inter Maýami” amerikan toparynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada toparyň metbugat gullugyna salgylanyp, Report agentligi habar berýär.

Hüjümçi iki ýyl Fransiýanyň “PSŽ-sinde” çykyş edeninden soň 2023-nji ýylyň tomsunda “Inter Maýamä” erkin agent hökmünde geçdi we tiz wagtdan kapitan daňysyny aldy. 20-nji awgustda Messi Amerikada ilkinji kubogyny – Liganyň kubogyny gazandy. Klub üçin 14 oýundan soň Messiniň hasabynda 11 gol we bäş netijeli geçirim bar.
MLS-iň yzygiderli çempionatynyň möwsüminiň jemi boýunça “Inter Maýami” ýaryşyň pleý-offuna saýlanyp bilmedi.
30-njy oktýabrda argentinaly hüjümçi karýerasynda sekizinji gezek “Altyn topuň” eýesi boldy. Messi 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony boldy.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....