Jared Leto ABŞ-da «Empire State Building» binasyna kanun taýdan çykmagy başaran taryhda ilkinji adam boldy

  • 12.11.2023 16:33
  • 22k+

Aýdymçy we aktýor Jared Leto Nýu-Ýorkdaky «Empire State Building» binasynyň depesine çykdy diýip, Today habar berýär. Ol altynjy albomyny goldamak üçin täze “30 Seconds To Mars” atly  dünýä syýahatynyň başlanmagynyň hormatyna 102 gatly gökdirän binanyň diwary bilen dyrmaşyp iň depesine çykdy. Onuň gastroly 2024-nji ýylyň mart aýyndan sentýabr aýyna çenli dowam eder.

 

Leto binanyň gündogar tarapy boýunça 86-njy gatdan iň soňky gatyna çenli aralygy takmynan 20 minutda geçdi diýlip bellenilýär. 381 metrlik binanyň ýokarsynda aýdymçy täze albomyndan aýdym aýtdy.
51 ýaşly sazanda şäherdäki iň meşhur belent binalaryň biriniň diwaryna çykmaga resmi taýdan rugsat berlen we muny başaran ilkinji adam boldy. Leto munuň gyzyklydygyny boýun aldy, ýöne dyrmaşmak çydamlylygy we tutanýerliligi talap etdi. Şeýle hem, binanyň diýseň ýiti daşky burçlaryndan zeýrendi. Sözüni tassyklamak üçin sazanda žurnalistlere çep eliniň ýaralanandygyny aýtdy. Şikes alandygyna garamazdan, ol ýokary çykmagyny dowam etdirdi.

 


Leto: “Dogrusyny aýtsam, alada etmekdenem beter, has tolgundym. Çynymy aýdaýyn, juda,  juda kyn boldy. Bu iş meniň pikir edişimden has müşgil bolup çykdy "-diýdi.

Artistiň ýokary çykyşyny görkezýän wideo Empire State Building-iň Instagramdaky resmi sahypasynda hem çap edildi.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......