ABŞ-da täze Kia Sorento 2024 tanyşdyryldy

  • 12.11.2023 16:19
  • 15k+

ABŞ-da täze, gibridli  Kia Sorento 2024 görkezildi. Ondan öň awtoulag Günorta Koreýada hödürlenipdi.

Bu ulag hatarynyň merkezinde bahasy 36 690 dollardan başlanýan Sorento Gibrid EX FWD bolmagyny dowam edýär. Bu model, beýlekiler ýaly, 44kW elektrik hereketlendirijisi we alty tizlikli awtomatiki geçiriş bilen jübütlenen 1,6 litrlik turbo görnüşli dört silindrli hereketlendiriji bilen işleýär. Umuman alanyňda, Sorento Gibrid 227 at güýji we torky 350 Nm öndürýär. Sorento Gibrid EX FWD 2023-iň bahasy 36 590 dollardan başlaýar.

Ähli tekerleri hereketli EX-e geçmek isleýän alyjylar geçen ýylkysyndan 600 dollar artyk pul çykaryp, 38 990 dollar tölemeli bolarlar. Öň hatarda durmagy dowam etdirýän Sorento Gibrid SX-P-iň bahasy geçen ýyl 42 390 dollar bolanlygyndan, häzirki wagtda 42 490 dollardan başlaýar. Howpsuzlyk aýratynlyklarynyň köpüsi tutuş hataryň standart toplumyna girýär. Aslynda, ähli bezeg derejeleri görünmeýän zolaklarda çaknyşmagyň öňüni alyş ulgamyny, sürüjiniň ünslüligini duýduryş ulgamyny, alyn tarapdan çaknyşmagyň öňüni alyş ulgamyny, gara ýollardan sürlende sürüjä kömek ulgamyny, uzak aralyga ýagtylyk tutulanda kömek ulgamyny, zolak saklaýyş kömekçisini we ýol duýduryşy kömekçisini öz içine alýar.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......