Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji sessiýasyna gatnaşýar

  • 12.11.2023 16:07
  • 3.8k+

Fransiýanyň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji sessiýasy açyldy. Forumyň işine Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar diýip, Türkmenistan Halkara Habarlar portaly habar berýär.

Konferensiýanyň umumy mejlisinde çykyş etmek bilen Atageldi Şamyradow Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen soňky ýyllarda giňelýän hyzmatdaşlygynyň netijeliligini we köptaraplaýynlygyny belledi. Ministr bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde, şol sanda medeniýet, ylym we bilim, ekologiýa we ýaşlar syýasaty pudaklarynda gazanylan üstünlikleri sanap geçmek bilen, geljekki gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine ünsi jemledi.
Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine we ÝUNESKO-nyň ýubileý seneleriniň hatarynda ony bellemek inisiatiwasyna aýratyn üns berildi.
ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azule we forumyň wekilleri 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabara çagyryldy.
ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasy öz işini 27-nji noýabra çenli dowam etdirer.


düýn 19:01
1.2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......