Fransiýa 2030-njy ýylda gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin arza berdi

  • 11.11.2023 15:23
  • 2.5k+

Fransiýanyň Milli Olimpiýa Komiteti Halkara Olimpiýa Komitetine 2030-njy ýylda geçiriljek gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin teklip hödürledi. Bu barada Fransiýanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň  metbugat gullugy habar berdi.

"Şu gün Halkara olimpiýa komitetine hödürlenen bu resminama iýul aýyndan bäri bilelikde alyp barýan işimiziň netijesidir. Bu oýunlary täze formatda geçirmek isleglerimiziň subutnamasy" – diýip, Fransiýanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň  prezidenti Dawid Lappartýen mälim etdi.

Oýunlar Fransiýanyň iki sebitinde geçiriler diýlip çaklanylýar: Owern-Rona-Alplar we Prowans- Alplar-Gök kenar. Fransiýanyň Milli Olimpiýa Komiteti 2030-njy ýylda Olimpiýa oýunlaryny geçirmek isleýändigini iýul aýynda mälim etdi we Fransiýanyň sport ministri Ameli Udea-Kastera fransuz hökümetiniň bu başlangyjy goldaýandygyny aýtdy.
ABŞ, Şwesiýa we Şweýsariýa hem 2030-njy ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ýer eýeçiligini etmäge dalaş edýär. 2024-nji ýylda Pariž 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryny kabul eder.


düýn 10:38
2.7k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.4k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....