Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýanyň agzasy boldy

  • 11.11.2023 10:53
  • 13k+

8-nji noýabrda Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň binasynda Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny (IACA) halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga Türkmenistanyň goşulýandygy baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Dabara gatnaşan Türkmenistanyň we Awstriýanyň wekilleri halkara we ýurt derejelerinde korrupsiýa garşy alnyp barylýan işler barada özara pikir alyşdylar hem-de bu babatda IACA bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki mümkinçilikleri belläp geçdiler.
Korrupsiýa garşy halkara akademiýa halkara gurama hökmünde 2010-njy ýylda döredilýär. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň işine gatnaşmak üçin bu Akademiýa synçy statusy berilýär. Akademiýa BMG we onuň UNODC ýaly degişli düzüm birlikleri, Interpol, ÝHHG, OECD ýaly guramalar bilen ugurdaş işleri özara hyzmatdaşlykda alyp barýar.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......