Gazagystanda bürünç asyryna degişli skifleriň piramidasy tapyldy

  • 09.11.2023 22:22
  • 18k+

Karaganda uniwersitetiniň arheologlary Gazagystanda skif-sak döwrüne degişli 3400 ýyllyk piramidany we Begazy-Dandybaý jemgyýetiniň gadymy şäheriniň galyndylaryny tapdylar. Bu barada «TRT Haber» habar berýär.

Piramida Karagandanyň Şet etrabynda ýerleşip, depäniň üstünde, Taldy derýasyna bakyp duran şekilde gurlupdyr. Radiouglerod barlagynyň netijelerine görä, ol b.e. öňki XIV-XII asyrlaryň arasynda gurlupdyr. Piramida birnäçe basgançakdan ybarat mawzoleýdir. Ony tapan arheologlar Andronowo medeniýetiniň Begazy-Dandybaý döwrüniň wekilleri tarapyndan Talda derýasynyň jülgesiniň aristokratiýanyň jaýlanylýan ýeri hökmünde ulanylandygyna ynanýarlar.
Bu sebitde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Begazy-Dandybaý jemgyýetine degişli gadymy şäheriň hem ýerleşendigi ýüze çykaryldy. 15 gektar meýdany eýeleýän bu şäherçe Kiçi Aziýada Troýa we Müsürde Orta Patyşalyk bilen bir taryhy döwürde ýaşapdyr. Şäherçede birnäçe diwarlar, köçeler we suw ýygnamak üçin niýetlenen ulgam tapyldy.
Alymlaryň pikiriçe, açyş Begazy-Dandybaý jemgyýetiniň Sibiriň günortasyndaky Karasuk medeniýetinden gelip çykan prototürk medeniýeti bilen ýakyn arabaglanyşygyň bardygyny tassyklaýar.


21.07.2025 13:59
4.7k+

2026-njy ýyla çenli Astanada Merkezi Aziýanyň iň uly maglumat merkezi gurlar

2026-njy ýyla çenli Astanada Merkezi Aziýada maglumatlary gaýtadan işleýän iň uly maglumat merkezi gurlar. Taslama Gazagystanyň Akashi Data Center kompaniýasy bilen Hytaýyň China Mobile telekommunikasiýa korporasiýasynyň  hyzmatdaşlygynda durmuşa geçiriler diýip, “Kompaniýa” neşiri habar berýär...

09.06.2025 13:51
7.2k+

Arheologlar Gazagystanda mongollaryň çozuşy wagtynda ýakylan şäheriň galyndylaryny tapdylar

Gazagystanyň günortasyndaky Žetysu oblastynda orta asyr şäheriniň harabalyklary tapyldy. Bu barada "Petroglif awçylary" respublikan jemgyýetçilik gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Olga Gumirowa habar berdi. "Her kimiň köpden bäri gözleýän orta asyr şäherini tapaýdyk öýdýän...

06.06.2025 08:53
1.3k+

Gazagystan özüniň ultra-ýeňil raketasyny döretmegi meýilleşdirýär

Gazagystan ownuk hemralary orbita uçurmak üçin öz ultra-ýeňil raketa göterijisini döretmekçi bolýar. Bu barada Gazagystanyň Mejlisiniň Senatynyň agzasy Andreý Lukiniň beren beýanyna salgylanýan Informburo.kz habar berýär...

06.02.2025 10:02
1.5k+

Gazagystanda AgiBot-yň emeli aňly robotlarynyň önümçiligi ýola goýlar

Hytaýyň AgiBot kompaniýasy Gazagystanda adama meňzeş robotlaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Robotlaşdyrylan ulgamlary işläp taýýarlamak we türgenleşdirmek üçin bilelikdäki kärhananyň we “maglumatlar...