Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük gulluklarynyň wekilleri Sarahs-Sarahs gümrük nokatlarynda duşuşyk geçirdiler

  • 08.11.2023 14:47
  • 16k+

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň wekilleriniň türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş ýerinde iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 30-njy maýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilen, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, taraplar türkmen we eýran serhedinde hereket edýän gümrük nokadynda gümrük gözegçiliginiň guralyşy, harytlaryň barlagy we bu ugurda ulanylýan enjamlar, resmileşdiriş işleriniň alnyp barlyşy we sanly ulgamyň ulanylyşy, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş babatda alnyp barylýan işler we beýleki bar bolan tejribeler, şeýle hem demirýol hem-de awtomobil ulaglarynda ýükler daşalanda gümrük we logistika hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişi bilen birek-biregi ýakyndan tanyşdyrdylar diýip, ýurdumyzyň Gümrük gullugy habar berdi.


06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......