Türkmen boksçylary Aziýanyň çempionatynda ýedi medal gazandylar

  • 06.11.2023 20:19
  • 14k+

Türkmen türgenleri ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda ýedi medal – bir altyn, üç kümüş we üç bürünç medal gazandylar.

63 kg çenli agram derejesinde iň ýaş türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda Daýanç Durdynepesow üstünlikli çykyş edip, milli toparyň hasabyna bir altyn medal goşdy. 48 kg çenli agram derejesinde Sanjar Hamraýew kümüş medala mynasyp boldy. Ýene bir kümüş medaly Abdylla Hojaýew (50 kg çenli) aldy. Bürünç medalyň eýesi 54 kg çenli agram derejesinde Seýitjan Babajanow boldy.
Ýaşlaryň arasyndaky çempionatda hem türkmen topary gowy netije görkezip, üç medal gazandy. Kümüş medalyň eýesi 57 kg çenli agram derejesinde Aziz Glyjow boldy. Bürünç medallary Yhlas Bagtyýarow (75 kg çenli) we Mustapa Muhammetdurdyýew (92 kg çenli) aldy.
Belläp geçsek, 13 agram derejesinde çempionatyň baýraklaryny almak ugrunda jemi 23 ýurtdan 200-e golaý türgen göreşdi. 


şu gün 09:52
1.3k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

14.05.2026 15:38
2.2k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....