Werstappen “Formula-1-iň” Braziliýanyň Gran-prisi tapgyrynda ýeňiji boldy

  • 06.11.2023 14:05
  • 4.6k+

“Red Bull-yň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň 20-nji tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş San-Pauluda geçirildi.

Ikinji orny “Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris eýeledi. Üçlügi “Aston Martinden” ispaniýaly Fernando Alonso jemledi. Ispaniýaly ýaryşa gatnaşyjy 106-njy gezek münbere çykyp, bu görkeziji boýunça dördünji orny eýeledi we fransiýaly Alen Prost bilen deňleşdi. Şeýle-de, üçlüge has köp girenleriň hatarynda germaniýalylar Sebastýan Fettel (122) we Mihael Şumaher (155) hem-de britaniýaly Lýuis Hemilton (197) bar.
Werstappen häzirki möwsümde 17-nji ýeňşini gazandy we bir ýylda utan Gran-prileriniň sany boýunça oktýabr aýynyň ahyrynda Meksikadaky ýaryşda goýan rekordyny täzeledi. Braziliýadaky ýeňiş niderlandly üçin “Formula-1-de” çykyş edip başlany bäri 52-nji boldy, ol Prostdan öňe geçip, arassa dördünji orna çykdy. Ondan öňde Fettel (53), Şumaher (91) we Hemilton (103) bar.


19.06.2026 19:42
1.4k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....