Adidas Bugatti-niň äheňinde çäkli mukdarda futbol butsularyny çykarar

  • 04.11.2023 17:48
  • 19k+

Adidas kompaniýasy giperkar öndürýän Bugatti markasynyň äheňinde çäkli mukdarda çykjak X Crasyfast futbol aýakgabyny bildiriş etdi. Bu aýakgaplaryň diňe 99 jübüti öndüriler we olary diňe auksiondan satyn alyp bolar. Adaty X Crasyfast modeliniň 260 ýewro bahasy bar.

Bugatti-niň janköýerlerine niýetlenen futbol aýakgaplary, esasan, dizaýn taýdan tapawutlanýar. Olar fransuz markasynyň gök reňkinde gara ýazgyly we çyzmyk urnatly gelýär.
Aýakgabyň gyralarynda iki kompaniýanyň hem nyşanlary we ýazgylary bar, dabanynda bolsa giperkarlarda ulanylýanlary ýada salýan uglerod süýümi elementi bar. Butsylar dokalan karbon süýmlerini ýatladýan gutylara gaplanar.
Bütin dünýä niýetläp öndürmek meýilleşdirilen 99 jübüt butsy 8-nji noýabrdan 11-nji noýabr aralygynda Adidas platformasynda geçiriljek auksionda satylar. Bugatti aýakgaplar niýetlenen maksady üçin ulanylmaz, olar kolleksiýa ediler diýip garaşýar.


09.05.2026 13:54
5k+

adidas Timoti Şalame, Ýamal, Bellingem we Messi bilen gysga metražly film çykardy

adidas kompaniýasy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «Backyard Legends» atly gysga metražly filmini hödürledi....

13.10.2025 09:12
4.3k+

Adidas agyr iş bilen meşgullanýan işçiler üçin ýokary goragly aýakgaplary taýýarlaýar

Adidas brendi fiziki taýdan agyr işlerde zähmet çekýän adamlar üçin niýetlenen ýokary derejede goragly aýakgaplaryň täze hataryny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada WWD neşiri habar berýär. Täze aýakgaplary işläp taýýarlamak üçin kompaniýa GLO Brands B...

23.07.2024 16:14
6.1k+

adidas we Marvel “Dedpul 3” mynasybetli krossowka kolleksiýasyny çykarar

adidas we Marvel Studios “Dedpul we Rosomaha” filmine bagyşlanan täze hyzmatdaşlygy yglan etdiler. Onuň çäklerinde bu filmden ruhlanan krossowkalar, köýnekçeler we beýleki eşik predmetleri çykarylar. Kolleksiýa...

02.04.2024 14:38
13k+

Adidas Germaniýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçelerinde 44-lük belgini gadagan edýär

Adidas kompaniýasy Germaniýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçeleri sargyt edilende janköýerlere 44-lük oýun belgisini saýlamagy gadagan etmek kararyna geldi. Bu barada Sport Bild habar berýär. Bu milli ýygyndynyň...