Messi «MLS-iň iň gowy täze oýunçysy» baýragyny alyp bilmedi

  • 04.11.2023 16:14
  • 12k+

«Inter Maýaminiň» argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) möwsümiň iň gowy täze oýunçysy ady ugrunda göreşde utuldy. Bu barada ýaryşyň metbugat gullugyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Möwsümiň iň gowy täze oýunçysy «Atlantanyň» gresiýaly hüjümçisi Ýorgos Ýakumakis boldy. Hüjümçiniň hasabynda MLS-iň 27 oýnunda 17 gol bar. “Atlanta” Gündogar konferensiýasynyň ýaryş jedwelinde altynjy orny eýeledi we pleý-offa gatnaşmaga hukuk gazandy.
Messiden we Ýakumakisden başga-da, bu baýraga “Sent-Luisiň” germaniýaly hüjümçisi Eduard Lewen hem dalaş etdi.
«Inter Maýami» üçin 14 oýundan soň Messiniň hasabynda 11 gol we bäş netijeli geçirim bar.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....