Türkmen türgenleri ABŞ-da geçiriljek uşu boýunça dünýä çempionatyna taýýarlanýar

  • 02.11.2023 19:20
  • 5.5k+

Türkmen türgenleri 16-njy noýabrdan 20-nji noýabr aralygynda ABŞ-da geçiriljek uşu boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görýärler. Milli topar ýakynda geçirilen ýurduň Kubogynda baýrak alan türgenlerden düzüldi diýip, “MIR 24” habar berýär.

Topar hepdede alty gün, irden we agşam iki sagat türgenleşýär. Olary ýaryşa Şirmyrat Berdiýew taýýarlaýar. Ol bu wezipede 2012-nji ýyldan bäri işläp, häzire çenli dürli derejedäki halkara ýaryşlarynyň ençeme baýrak eýelerini taýýarlady. Milli toparyň düzüminden Baýrammyrat Babaýew uşu bilen on ýaşyndan bäri meşgullanýar. Onuň hasabynda abraýly ýaryşlarda birnäçe ýeňiş bar. Türgeniň aýtmagyna görä, ol geljekde tälimçi bolmak we öz halypasynyň göreldesine eýerip, ýaş türgenleri taýýarlamak isleýär.
Türkmenistanda uşu bilen 2000-den gowrak türgen meşgullanýar. Häzirki wagtda ýurtda 40-dan gowrak tälimçi işleýär.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....