Toyota täze Crown sedanyny tanyşdyrdy

  • 02.11.2023 18:58
  • 17k+

Toyota Crown-nyň häzirki nesli täze üýtgeşmeler bilen ýetirildi. Ol doly derejeli sedan hökmünde hasaplanýanam bolsa, dört gapyly kupe meňzeýär. Crown Sedan şu güne çenli modeliň iň uly görnüşine öwrüldi we iki görnüşli elektrik gurluşyny - gibridi we wodorody alar. Ýaponiýada satuwlar 13-nji noýabrda 7,3 million ýen (takmynan 48,2 müň dollar) bahasy bilen başlanar.

Täze önümiň ölçegleri - tigir bazasy 3 metr we ýerden galyşy 135 millimetr bolan, 5030x1890x1475 millimetrdir. Beýleki Crown-lar bilen deňeşdirilende ölçegleriniň uly bolmagy, esasan yzky ýolagçylar üçin niýetlenen sedanyň ýerleşişi bilen şertlendirilendir. Ikinji hatardaky oturgyçlary iki ýolagçy üçin niýetlenen,  ýöne aslynda täze Crown tehniki taýdan bäş orunlykdyr.
Gibrid elektrik gurluşy üçin 136 at güýji bolan 2,5 litrlik benzinli hereketlendiriji we 225 Nm bolar. Elektrik komponenti ýene 180 at güýji we 300 Nm bilen üpjün eder, başga çeşmeden batareýany güýçlendirmek mümkinçiligi ýok. Crown-yň ýangyçly wersiýasy Toyota Mirai-niň 182 at güýjüne ýetýän elektrik hereketlendirijili güýç gurluşyny we 300 Nm alar. Şeýle sedanyň dizaýnynda 820 kilometre ýeterlik üç sany wodorod baky bar, gibrid görnüşiniň ýöreýiş ätiýaçlygy yglan edilmedi.


düýn 09:36
2.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
11k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.5k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......